• news ID :

    87719

  • /
  • Date :

    2020-12-28

  • Font

4bvg78855170db1siu2 800C450 300x169 - Eýranyň Korona garşy Ylmy komitetiň başlygy: korona sanjymyny öndürýän 7 Eýran kompaniýasy adam fazasyna girýärTurkmensnews- Eýranda Korona garşy göreş boýunça ylmy komitetiň başlygy korona sanjymyny öndürýän ýedi Eýran kompaniýasy 2021-nji ýylyň fewral aýynyň ahyryna çenli adam fazasyna girer diýip habar berdi.

Eýranda koronasiýa garşy göreş boýunça ylmy komitetiň başlygy Mostafa Ganei şu gün Mehr habar gullugyna beren interwýusynda Biotehnologiýany ösdürmek merkeziniň gözegçiligi we goldawy astynda ýedi korona sanjymyň öndürilmeginiň ileri barýandygyna yşarat edip olardan üç kompaniýa ýanwar aýynyň ahyryna çenli haýwan etabyny tamamlar we adam fazasyny alar diýdi.

Ganei: kliniki tapgyra girýän 3 kompaniýadan biri kompaniýanyň gazanan möhüm ösüşi sebäpli beýlekilerden has ir adam fazasyna girer diýip yglan etdi.

kovid 19 keselini döredýän koronawirus, 2019-njy ýylyň ahyryndan bäri Hytaýyň Wuhan şäherinde syn edildi we ýakynda bütin dünýäde ýaýrady, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda pandemiýany tassyklady.

Resmi maglumatlara görä, kovid 19 keseli şu wagta çenli dünýäde segsen bir milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu kesel sebäpli bir million ýedi ýüz ýetmiş müňden gowrak adam öldi.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز