• news ID :

    71157

  • /
  • Date :

    2020-03-10

  • Font

300x185 - Eýranda ýasama içgi sebäpli ýogalanlaryň sany 27 adama ýetdi“Spirtli içginiň koronawirusdan goraýandygy” hakyndaky myş myşlar sebäpli käbir adamlaryň ýasama içgi içmäge başlandygy nygtalýar

Tirkmensnews- Eýranyň günortasynda ýerleşýän Huzistan we Elborz welaýatlarynda düýnden bäri ýasama içgi sebäpli ýogalanlaryň sany 27 adama ýetdi.

Fars habarlar gullugyna beýanat beren Ahwaz Jundi Şahpur uniwersitetiniň rektory Ferhad Abul Nežadiýan “Huzistan welaýatynyň Ahwaz etrabynda ýasama içgi sebäpli ýogalanlaryň sany 20 adama ýetdi” diýdi.

Eýranly talyplaryň ISNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Elborz welaýatynda hem ýasama içgi sebäpli 7 adam ýogaldy.

“Spirtli içginiň koronawirusdan goraýandygy” hakyndaky myş myşlar sebäpli käbir adamlaryň ýasama içgi içmäge başlandygy nygtalýar.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز