• news ID :

    75558

  • /
  • Date :

    2020-05-18

  • Font

19 در کشور 300x168 - Eýranda koronawirusly 96,000 töweregi adam dikeldidiTurkmensNews-  Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi yglan edmegine görä,şu wagta çenli koronawirusly 95,661 adam bejerildi we keselhanalardan çykaryldy

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour duşenbe güni habarçylara beren gürrüňlerinde soňky 24 sagadyň dowamynda 2294 täze hassanyň tapylandygyny aýdyp Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine görä, şu wagta çenli Eýranda 122,492 adama koronawirusy ýokaşandyr.

Jahanpour sözüniň dowamynda täze hassalaryň arasynda 534 adam keselhanalarda ýerleşdirildi, we hassalar bilen aragatnaşyk saklaýan 1760 adam anyklandy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy şeýle-de soňky 24 sagatda 69 adamyň ölümine yşarat edip Eýranda koronawirusdan ölenleriň sany 7577-e ýetdi diýdi.

Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary koronawirusa garşy göreşe gatnaşýarlar.

Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 4,8 milliondan gowrak boldy, şolardan azyndan 317,000 adam öldi we takmynan 1,865 million adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy

 

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز