• news ID :

    71639

  • /
  • Date :

    2020-03-19

  • Font

گلستان 4 300x196 - Eýranda her 10 minutda 1 adam koronawirus sebäpli ýogalýarTurkmensNews-  Ilkinji gezek 2019-njy ýylyň dekabr aýynda HytaýyňUhan şäherinde hasaba alynan koronawirus häzire çenli  dünýäniň çar tarapynda 8 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. Dünýäde 200 müňden gowrak adama ýokaşan Kowid-19 howply bolmaga dowam edýär.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministriniň metbugat geňeşçisi Kiýanuş Jihanpur, ýurdunda her 10 minutda 1 adamyň Kowid-19 sebäpli ýogalýandygyny aýtdy.

Twitterden beýanat beren Jihanpur “Bir sagatda ortaça 50 adama koronawirus ýokaşýar” diýdi.

Palestinanyň Premýer ministri Muhammed Iştiýýe, koronawirus pandemiýasy sebäpli basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Beýtullahim şäherinde köçä çykmagyň gadagan edilendigini aýtdy. Günbatar Şeriada 44 adam Kowid-19 sebäpli hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirliklerinde Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 113 adama ýetdi, pandemiýa sebäpli halkyň daşary ýurtlara gitmegi gadagan edildi.

Katarda 452, Kuweýte 42, Saud Arabystanynda 67, İordaniýada 56, Omanda 39 adam Kowid-19 sebäpli hasaba alyndy.

Ysraýylda Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 433 adama ýetdi. Ysraýylyň Prezidenti Reuwen Riwlin, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen koronawirusa garşy göreş meselesinde telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ukrainada halk deputaty Şahowa koronawirusyň ýokaşandygy habar berildi.

Russiýada Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 147 adama ýetdi. Premýer ministri Mihail Muşistin pandemiýa sebäpli ABŞ, Birleşen Arap Emirliklerine we Britaniýa guraljak uçar saparlarynyň çäklendirlendigini mälim etdi.

Belarusda 51, Özbegistanda 15, Gazagystanda 36 adam Kowid-19 sebäpli hasaba alyndy.

Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltan we Almaty şäherleri koronawirus sebäpli karantina alyndy.

Täze Zelandiýada daşary ýurtlylaryň ýurda girmegi gadagan edildi.

Awstraliýanyň milli howa ýoly firmasy maý aýynyň ahyryna çenli ähli uçar saparlaryny bes etdi.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز