• news ID :

    128699

  • /
  • Date :

    2024-05-22

  • Font

Jynaza Careleri 300x169 - Eýranda Dik Uçar Heläkçiliginde Ýogalanlar Üçin Jynaza Çäreleri GeçirilýärTurkmensNews-  Jynaza namazyny Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý okatdy.

Dik uçar heläkçiliginde ýogalan Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan we beýleki ýolbaşçylar üçin paýtagt Tähranda jynaza namazy okaldy.

Tähran uniwersitetinde geçirlen çärede jynaza namazyny Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý okatdy.

Jynaza namazyna az sanly adayň gatnaşmagyna rugsat berildi.

Namazdan soň Azadi meýdanynda geçiriljek jynaza çäresine gatnaşmak üçin ýüz müňlerçe adam hem uniwersitetiň ýanyndaky Ynkylap meýdanynda bir ýere jemlenişdi.

Ynkylap meýdanynda geçiriljek jynaza çäresinden soň Prezident Rasiniň tabydy jaýlanjak ýeri bolan Maşad şäherine alnyp gidiler.

Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bolsa paýtagt Tähranda jaýlanar.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز