• news ID :

    126061

  • /
  • Date :

    2024-02-01

  • Font

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň konsullygynyň orunbasary 4-nji fewraldan 28 ýurduň raýatlary wizasyz we diňe bilet satyn almak arkaly Eýrana sapar edip bilerler diýdi.

Eyrana ansat syyahat 300x169 - Eýrana aňsat syýahat; 28 ýurduň syýahatçylary üçin wizalaryň ýatyrylmagy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň konsullygynyň orunbasary “Alireza Bigdeli” Eýranyň käbir ýurtlar bilen wizasynyň ýatyrylmagyna yşarat edip Daşary işler ministrliginiň, 28 ýurt bilen birtaraplaýyn ýatyrylmagy baradaky ministrler geňeşiniň ýerine ýetiriş buýrugynyň degişli edaralaryna habar berlendigini habar bermek bilen şundan ugur alyp syýahatçylyk maksady bilen Eýrana sapar etjek bu ýurtlaryň raýatlaryna 4-nji fewraldan Eýrana gitmek üçin wiza gerek däldigini nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň konsullygynyň orunbasary şeýle-de Hindi raýatlary wiza zerurlygy bolmazdan howa ýollardan Eýrana girip bilerler ýöne gury ýer serhetlerinden girmek üçin wiza almalydygyny aýtdy.

Bigdeliniň aýtmagyna görä, wizasyz Eýrana gidip bilýän 28 ýurduň raýaty, Saud Arabystany, Katar, BAE, Bahreýn, Kuweýt, Özbegistan, Gyrgyzystan, Tunis, Tanzaniýa, Mawritaniýa, Zimbabwe, Mawritis, Seýşel, Ýaponiýa, Indoneziýa, Singapur, Wýetnam., Kamboja, Bruneý, Braziliýa, Meksika, Peru, Horwatiýa, Serbiýa, Bosniýa we Gersegowina, Belarus we Hindistandan ybaratdyr.

Eýran Yslam Respublikasy ozal Russiýa bilen ikitaraplaýyn iki ýurduň raýatlary üçin wizalaryň ýatyrylmagy barada karar beripdi.

Eýran, dürli geografiýa we dürli howa şertleri bilen birlikde gadymy we çuňňur medeniýete eýe bolan gadymy ýurtdyr we özboluşly dilleri we däp-dessurlary bolan birnäçe etnik toparlary özünde jemleýär.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز