• news ID :

    100323

  • /
  • Date :

    2021-08-23

  • Font

eran 300x169 - Eýran Talibany Resmi Taýdan Ykrar EtmeýärTurkmensNews-  Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Said Hatibzade ýurdunyň Owganystandaky soňky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny we ähli taraplar bilen aragatnaşyk saklaýandyklaryny, emma ýetilen sepgitde Talibany resmi taýdan ykrar etmejekdiklerini aýtdy.

Eýranyň resmi habarlar gullugy “İRNA-nyň” habar bermegine görä Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Hatibzada geçirilen hepdelik metbugat ýygnagynda resmi Tähranyň goňşusy Owganystandaky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny beýan etdi.

Hatibzade owganystanlylaryn arasyndaky gepleşiklere goşant goşmaga taýardyklaryny nygtap; “Taraplaryň ählisini Owganystanda çaknyşykdan çetde durmaga, durnuklylyk we parahatçylyk üçin tagalla etmäge hem-de Owganystanyň demografik hem-de etniki durluşyna laýyk aç-açanlygyň tarapynda durýan hökümet gurmak üçin şertlerden ýerlikli peýdalanmaga çagyrýarys” diýdi.

Hatibzade, Eýranyň Owganystanda häkimiýeti alan Talibany ykrar edip, etmejekdigi hakynda soraga bolsa: “Häzirki wagtda ol sepgide ýetmedik. Owganystanyň gelejekdäki hökümeti hakynda karara gelmek üçin entek ir. Owgan halkynyň janyny, emlägini we namysyny goramak, owgan toparlarynyň arasynda giň gerimli dialog alyp barmak we Owganystanda giň gerimli hökümetiň gurulmagy esasy mesele” diýip, jogap berdi.

Hatibzada, Eýranyň benzin üpjünçiliginde kynçylyk çekýän Liwana ugradan nebit tankerleri hakyndaky soraga jogap hökmünde bolsa, Liwan isleg bildiren halatynda oňa goşmaça nebit ugratjakdyklaryny aýtdy.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز