29012
2018-07-23
Turkmensnews- Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň haýbat atyjy twittiniň jogabynda Eýran milleti mydama haýbata haýbat bilen we sylaga sylag bilen gaýtawul berýär we zor aýdylmagyna hem ber gaýtawul berýär diýip yglan etdi.
Amerikanyň prezidenti Donald Tramp şu gün Eýranyň döwlet baştutany hasan Ruhaniň dubduryşlarynyň jogabynda özüniň twitter sahypasynda ” hiü haçan Amerika garşy haýbat atmaň sebäbi onyň başarnygyny görersiňiz” diýip toslady.
ýekşenbe güni prezident Hasan Ruhani Amerikalylara garap we Eýranyň nebit eksportynyň öňüne geçiris diýip aýdan gürrüňleriniň jogabynda taryh boýunda Eýran sebitiň suw geçelgesiniň howpsuzlygyny üpjün edendir we donald tramp muny bilip goýsyn diýmek bilen bir wagtda Trampa garap ýolbarsyň guýrugyna basmaň sebäbi puşman bolrasyňyz diýip yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi Eýranyň tele-radio habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Donald Tramp taryha göz aýlasa Eýrana göz garaldan we el gatan tarapa Eýran milletiniň berk we puşman ediji gaýtawuly berendigini biler diýip nygtady.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment