101446
2021-09-19
Turkmensnews- Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti we Täjigistanyň prezidenti şu gün duşuşyp, iki ýurduň umumy din, medeniýet we dil meňzeşliklerine yşarat edip iki ýurduň işgärleriniň tagallasy bilen ykdysady, medeni we syýasy ugurlarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň gülläp ösmeginde täze bir bölümiň döremegini umyt etdiler.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi, Duşanbe şäherinde Emomali Rahmon bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin gowy mümkinçilikleriniň bardygyny aýtmak bilen Ikitaraplaýyn gatnaşyklary we özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we berkitmek iki ýurduň arasyndaky sebitleýin hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmak üçin esas bolar diýdi.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon hem Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň öz ýurdunyň ýolbaşçylygyndaky 21-nji Şanhaý sammitine gatnaşmak baradaky çakylygyny kabul etmegi we pars dilli Täjigistana sapar etmegi babatly minnetdarlyk bildirdi.
Emomali Rahmon Eýranly hünärmenleriň Täjigistanda durmuşa geçiren hyzmatdaşlygynyň taryhyna we bilelikdäki taslamalaryna salgylanyp iki ýurduň halky bilen hökümetiniň arasynda bar bolan dostluk we söýgi, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak üçin örän oňat esasdyr diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şu gün Täjigistanyň premýer-ministri bilen hem duşuşdy.
Seýed Ybraýym Raisi Täjigistanyň premýer-ministri Gaher Rasulzadeh bilen şu gün öýlän Prezident köşgünde bolan duşuşygynda iki prezidentiň gatnaşyklary giňeltmek we söwda derejesini 500 million dollara çenli ýokarlandyrmak baradaky ylalaşyklaryna ünsi çekip iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur esaslar we mümkinçilikler doly üpjün edilýär we bu mümkinçilikler ulanylmaga berilmelidir diýdi.
Täjigistanyň premýer-ministri Gaher Rasulzadeh hem hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we Eýranyň öz ýurdundaky ykdysady we söwda gatnaşyklaryny düşündirip Eýranyň hususy sektoryndaky aktiwistleriň energiýa çykarmak we önümçilik, syýahatçylyk, tehniki we ingenerçilik hyzmatlary, elektrik stansiýasynyň gurluşygy we Täjigistanyň saglygy we bejergisi pudagynda çynlakaý bolmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys diýdi.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment