• news ID :

    70642

  • /
  • Date :

    2020-03-02

  • Font

آماده 1024 24 300x206 - Eýran bilen Orsýetiň prezidentleri Astana akymynyň pugtalandyrylmagyny nygtadylarEýran bilen Orsýetiň prezidentleri Siriýa meselesini çözmek we Aziýanyň günbatarynda terrorizmi ýok etmek üçin Astana akymynyň pugtalandyrylmagyny nygtadylar.

Turkmensnews- Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani düýn Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde Siriýanyň Edlib welaýatynyň soňky özgerişlerine yşarat edip Edlibiň ýagdaýy howatyrandyryjydyr oňa görä Astana akymynyň gidişinde hasyl bolan ylalaşyklar herne basym ýerine ýetirilip başlanmalydyr diýdi.

prezident Ruhani şeýle-de Siriýanyň topragynyň bir bölüminiň ençeme ýyllap terrorçylaryň kontrolynda bolmagynyň kabul edrli däldigine yşarat etmek bilen Siriýanyň kynçylyklary diňe syýasy ýoldan çözüler diýdi.

Ruhani şeýle-de Astana akymynyň dowamynda Eýran,Orsýet we Türkiýäniň başlyklar maslahatyny geçirmäge Tehranyň taýýardygyny aýdyp kesekilere şol sanda Amerikalylara Siriýanyň ýagdaýyndan tersin peýdalanyp bu ýurduň içeri işlerine goşulmaklary üçin bahana aramaklaryna pursat berilmeli däldir diýdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem bu telefon arkaly söhbetdeşlikde Siriýa meselesini çözmekde Astana akymynyň çarçuwasynda hasyl bolan ylalaşyklary gaty möhüm hasaplamak bilen dartgynly sebitleri azaltmak baradaky taslama terrorizm bilen göreşmekden saklanmak manysynda däldir diýdi.

Putin Siriýanyň toprak bitewiliginiň goralmagynyň zerurlygyny nygtamak bilen öz topragyndaky terrorçylara garşy göreşmek Siriýa döwletiniň hakydyr diýip yglan etdi.

ol şeýle-de Siriýa barada 3 taraplaýyn gepleşikleri geçirmek barada prezident Ruhaniň öňe süren teklibini garşy aldy.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز