71945
2020-03-24
Turkmensnews- Eýran Yslam Respublikasy bilen Italiýanyň daşary işler ministrleri Muhammet Jawad Zarif bilen Luigi De Maýo iki ýurtda korona keseliniň ýaýramagy barada telefon arkaly geçiren söhbetdeşlikde bu keselden janlaryny elden beren Eýranly we Italiýaly raýatlaryň ölümi sebäpli gynaç bildirdiler.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Zarif, Amerikanyň Eýran halkyna garşy birtaraplaýyn, bikanun we adamkärçiliksiz gadaganlyklary dowam etdirmegini talap edýändigini göz öňünde tutup, Eýran halkyna garşy bu zalymlykly gadaganlyklaryň ýatyrylmagynyň zerurdygyny aýtdy.
Soňky hepdelerde dünýä ýurtlarynda we Eýranda Corona wirusynyň ýaýramagyndan soň, Türkiýe, Russiýa, Päkistan we Hytaý ýaly dürli ýurtlaryň resmileri Amerikanyň Eýrana garşy birtaraplaýyn we bikanun sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny islediler.
Waşingtonyň birtaraplaýyn we gazaply sanksiýalary esasy zatlary, hatda dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny öz içine alýandyr bu bolsa Eýran milleti üçin, esasanam koronar uçranlar üçin köp kynçylyklary döredendir.
Amerikanyň prezidenti Donald Trump geçen anna güni Eýrana garşy girizilen gadaganlyklaryň ýatyrylmagyna garşydygyny aýtdy.
Related posts
Commets
Last News
17 آوریل 2021
16 آوریل 2021
14 آوریل 2021
13 آوریل 2021
11 آوریل 2021
Your Comment