• news ID :

    87082

  • /
  • Date :

    2020-12-15

  • Font

Eýran 3 300x150 - Eýran ABŞ-nyň Türkiýä garşy girizen gadaganlyklaryny ýazgardyTurkmensNews-  Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Türkiýäniň goranyş senagatyna garşy birtaraplaýyn sanksiýalaryny ýazgardy

ABŞ-nyň Gazna ministrligi duşenbe güni Türkiýäniň goranyş senagatyny we dört sany türk resmisini, şol sanda Türkiýäniň goranmak pudagynyň başlygy Ysmaýyl Demiri boýkot edendigini habar berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Russiýanyň ýarag kompaniýasy Rosoboronexport bilen bilkastlaýyn hyzmatdaşlyk edendigi we S-400 raketa goranyş ulgamyny satyn alandygy üçin Katsa diýilýän kanun boýunça Türkiýä sanksiýa berlendigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif sişenbe güni ABŞ-nyň bir taraply hereketine jogap hökmünde “Goňşular bilen ilkinji nobatdaky” hastagyny ulanyp ýazan twit-inde .ABŞ-nyň sanksiýalara endik etmegi we halkara hukugynyň kemsidilmegi gaýtadan özüni görkezdi” diýip nygtady.

“ABŞ-nyň Türkiýä garşy ýakynda girizen sanksiýalaryny berk ýazgarýarys we bu ýurduň halkynyň we hökümetiniň ýanynda durandyrys” diýip Zarif yglan etdi.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز