• news ID :

    101888

  • /
  • Date :

    2021-09-30

  • Font

4by5e8e6a454d31y5uw 800C450 300x169 - Eslami: IAEA terrorçy toparlar üçin oýunjak bolmaly däldirTurkmensnews- Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, Halkara Atom Energiýasy Guramasy garaşsyz we halkara gurama hökmünde terrorçy toparlar üçin oýunjak bolmaly däldir diýdi.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy “Muhammet Eslami” Sputnik-e Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Eýranyň ýadro programmasyna garşy alyp barýan soňky pozisiýasy barada beren gürrüňlerinde ýadro terrorçylygy, pitneçi hileleri we ylmy däl kagyz we emeli hemra suratlary we subut edilmedik subutnamalar bilen Eýranyň ýadro programmasyna garşy aýyplamalary girizýärler ýöne bu hereketler gaýtalanyp duran hereketlerdir diýdi.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy sözüniň dowamynda Eýran, kepillikleriň çäginde kanuna ygrarlydyr we ýörelge NPT-e bolan ygrarlylyga esaslanýar diýip nygtady.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň ýadro maksatnamasy parahatçylykly we baýlaşdyryş serhedi parahatçylykly taslamalaryň durmuşa geçirilip bilinjek derejededigini aýtdy.

Eslaminiň aýtmagyna görä, Agentligiň gözlegleri yzygiderli geçirilýär we Agentligiň gözegçilik wezipelerine laýyklykda barlaglar kamera arkaly ýa-da inspektorlaryň gatnaşmagynda geçirilýär.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy şeýle hem: Eýran bilen ýüze çykýan bidüzgünçilik we duşmançylyk sebäpli Eýranyň ýadro programmasy bilen iş salyşmagyň ýoly syýasy, saýlama we diskriminasiýadyr, bu hereket düýbünden bikanun we ret edilýär diýdi.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy: ABŞ we Ýewropalylaryň alyp barýan nädogry ýoly bes edilmeli we olar Eýran halkynyň bähbitlerine mundan beýläk zyýan bermeli däldirler diýip sözlerine goşdy.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز