• news ID :

    107007

  • /
  • Date :

    2022-02-02

  • Font

dutar 1 300x169 - Dutar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildiTurkmensNews- Türkmen saz guraly Dutar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Türkmenistanyň milli saz guraly dutar, ony ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

ÝUNESKO tarapyndan aýan edilen karar ýurtda uly joşgun bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow, hökümediň agzalary bilen wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçiren maslahatynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisinde Türkmenistanyň milli saz guraly bolan dutaryň, ony ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmagyň we bagşyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini habar berdi. Türkmen lider kabul edilen karar mynasybetli bütin türkmen halkyny gutlady.

Türkmen lider Ahalteke atlaryny seýislemek sungaty we Türkmen Alabaýlary ýetişdirmek sungatlarynyň hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi üçin ýüz tutuljakdygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany öňümizdäki tapgyrda dutary ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmagyň we bagşyçylyk sungatlaryna milli we halkara derejede has köp orun berilmegini isledi.

Türkmen aýdym-sazyna goşan goşantlary, gadymy saz gurallaryny ýaşatmaklary we nesilden nesile agtarmaklary mynasybetli dutar ussalaryna Mukamlar Köşgünde “Çeper döredijiligiň halk ussasy” diýen at berildi.

Dutaryň armyt görnüşindäki kädisi tut agajyndan, sapy bolsa erik agajyndan ýasalýar. Anadolyda Iki kirişli diýip atlandyrylýan saz guralyň taryhy gelip çykyşy hem dutar saz guralyna çenli uzap gidýär.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز