70610
2020-03-01
Turkmensnews- Ankara şäherindäki Hajettepe uniwersitediniň Türkologiýa ylmy-derňew institutynyň başlygy Prof. Dr Ýunus Koç, dünýäde häzirki wagtda bar bolan 7 müň töwerek diliň azyndan ýarsynyň şu asyryň ahyryna çenli ýitmeginiň mümkindigini aýan etdi.
Ýunus Koç beren beýanatynda şu gün Halkara Ene dil gününiň bellenilip geçilýändigini habar berip, bir diliň ulanylyş ýerleriniň azalyp, aragatnaşyk funksiýasynyň ortadan aýrylmagynyň we ol dili bilýän adamlaryň galmazlygynyň dili öldürýändigini mälim etdi.
Bu ýagdaýyň ykdysady mümkinçilikler, özgerişler, senagatlaşma, iş modelleri, migrantlaryň iş güýji, migrasiýa, resmi dil syýasatlary, diskraminasiýa, söweş ýaly sebäplerden gözbaş alýandygyny aýdan Ýunus Koç, Aziýada we Balkan ýurtlarynda ekspansionistik syýasatyň, rus diliniň sebitde agalyk ediji bir ýagdaýa gelmegini üpjün edendigini we beýleki dilleriň ýitmek etabyny çaltlandyrýandygyny aýan etdi.
Lingwistleriň taryhy çeşmelerden alan maglumatlaryna görä häzirki wagta çenli 6 müňe golaý diliň ölendigini aýdýandyklaryny bellän Ýunus Koç, anyk bir san aýtmagyň kyndygyny beýan etdi.
Commets
Last News
11 آوریل 2021
08 آوریل 2021
06 آوریل 2021
05 آوریل 2021
05 آوریل 2021
Your Comment