• news ID :

    84657

  • /
  • Date :

    2020-10-21

  • Font

1601748440 300x167 - Çeboksaryda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabara geçirildiTurkmensnews- I.N. Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetinde (Russiýa Federasiýasynyň Çeboksary şäheri) Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi.

Türkmen talyplarynyň we «Çuwaşystan Respublikasyndaky türkmen jemgyýeti» milli-medeni birleşiginiň agzalarynyň gatnaşmagyndaky konsert ÇDU-nyň halkara bölüminiň ýardam bermeginde guraldy. Çuwaşystan Respublikasynda okaýan talyplary olaryň deň-duşlary –indoneziýaly, hindistanly, eýranly talyplar gutlamaga geldiler.

Baýramçylyk dabarasynda aýdymlar aýdylyp, tans edildi, türkmen millli lybaslarynyň we keşdeleriniň özboluşly nusgalary görkezildi. I. Ýakowlew adyndaky Çuwaş döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň «Näzenin» tans toparynyň çykyşy konserte özboluşly röwüş berdi. Şeýle hem türkmen ýaşlary watansöýüjilikli we halk aýdymlaryny aýtdylar, küştdepdi tansy bolsa dabaranyň şüweleňini artdyrdy.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز