• news ID :

    73046

  • /
  • Date :

    2020-04-10

  • Font

رئیس جمهور 300x200 - Berdy Muhammetowyň Koronanyň Türkmenistana girmeginiň öňüni almak baradaky buýruklaryTurkmensnews- Türkmenistanyň prezidenti korona wirusynyň ýurda girmeginiň öňüni almak üçin lukmançylyk çäreleriniň güýçlendirilmegini isledi.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Türkmenistanyň prezidenti Gürbanguly Berdymuhamedow Türkmenistanda geçirilen ministrler kabinetiniň ýygnagynda ähli türkmen raýatlarynyň saglygyna hemişelik gözegçilik edilmegini we Koronawirusynyň ýurda girmeginiň öňüni almak üçin lukmançylyk synaglaryň geçirilmegini isledi.

Türkmenistanyň prezidentiniň pikiriçe, ýörite lukmançylyk toparlarynyň döredilmegi bilen çagalar baglaryna, mekdeplere we uniwersitetlere gözegçilik güýçlendirilmelidir.

Türkmenistanda şu wagta çenli korona keseline duçar bolan adam hasaba alynan däldir we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri hem muny tassykladylar.

Sebitleýin habar beriş serişdeleri ýurduň welaýatlarynyň arasynda ulag gatnawyna çynlakaý çäklikleriň girizilendigini habar berýär.

daşary ýurtly syýahatçylar hem Türkmenistanyň käbir serhetýaka şäherlerinde karantinada saklanylýandyrlar.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز