79496
2020-07-22
BMG, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky çaknyşyklaryň güýçlenmeginiň betbagtçylyga sebäp bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.
BMG-nyň Baş Sekretarynyň metbugat geňeşçi Dužarriç, gündelik metbugat ýygnagynda, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky dartgynlyga uly alada bildirilýändgini nygtady.
Azerbaýjan bilen Ermenistana parasatlylyk çagyryşyny beren Dužarriç “Iki ýurduň arasyndaky uly çaknyşyk, betbagtçylyk bolar” diýdi.
Ermenistan, 12-nji iýulda serhetýakasyndaky Towuz welaýatyna hüjüm edipdi. Azerbaýjanyň hüjüme gaýtawul berilmegi sebäpli ýitgi çeken ermeni güýçleri yza çekilipdi.Çaknyşykda Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinen 4 harby ýogalypdy, 4-i hem ýaralanypdy.
Soňky günlerde hem dowam eden çaknyşyklarda Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinden biri general maýor bolmak bilen jemi 8 harby ýogalypdy.
Related posts
Commets
Last News
22 آوریل 2021
22 آوریل 2021
19 آوریل 2021
18 آوریل 2021
17 آوریل 2021
Your Comment