• news ID :

    71553

  • /
  • Date :

    2020-02-28

  • Font

3 97 300x185 - BITARAPLYGA BAGYŞANAN ÝANWAR AÝYNDAKY MASLAHATYŇ JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BA-NYŇ 74-NJI SESSIÝASYNYŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BEÝAN EDILDITurkmensnews- Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesini almagynyň ۲۵ ýyllygyny belläp geçýär. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň çäginde we onuň daşynda dürli derejedäki maslahatlar, forumlar, sergiler guralýar. 

Şunuň bilen baglylyk-da, şu ýylyň ۱۴-nji ýanwarynda Aşgabatda “Türkmenistan  we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şeýle-de bu çärä dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy öňe sürmek nukdaýnazaryndan bitaraplyk syýasatynyň wajyplygyny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik tapan halkara guramalarynyň köpsanly wekilleri, žurnalistler we diplomatlar gatnaşdylar.

Maslahat oňa gatnaşyjylaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna Ýüzlenmesi bilen tamamlandy. Bu Ýüzlenme BMG-niň Baş Assambleýasynyň ۷۴-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi we BMG-niň resmi dillerinde çap edildi.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز