• news ID :

    86198

  • /
  • Date :

    2020-11-28

  • Font

Tramp 1 300x169 - "Baýdeniň Prezidentligi tassyklansa wezipämden çekilerin" diýdiTurkmensNews-  Donald Tramp, Saýlaw Geňeşiniň Jo Baýdeniň Prezidentligini tassyklan halatynda, onuň ýalňyş bir ädim boljakdygyny, emma ondada wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Saýlaw Geňeşiniň Jo Baýdeniň Prezidentligini tassyklan halatynda, onuň ýalňyş bir ädim boljakdygyny, emma ondada wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ak Tamda Şükran baýramçylygy mynasybetli daşary ýurtlarda iş alyp barýan amerikan esgerler bilen geçiren wideo aragatnaşyk arkaly maslahatdan soň beýanat berdi.

Tramp, Domkratlaryň saýlawlarda hile edendigini we üstün çykan tarapyň özüdigini belläp: “Bilýän ýeke täk zadym bar, ol hem Jo Baýdeniň hakykatda 80 million ses almanlygy. Mundan başgada, Baýden Barak Obamanyň ilatyň garaýagyz gatlagyndan alan ses sanyndan hem geçip bilmedi” diýip habar berdi.

Ýurtda saýlawyň netijesini kesgitleýän Saýlaw Geňeşiniň üstün çykan tarapyň Baýdendigini tassyklan halatynda, wezipesinden çekilip-çekilmejekdigi bilen bagly soraga Tramp: “Saýlawyň netijesini kabul etmek kyn, sebäbi ortadan uly mukdarda galplyk bar. Saýlaw Geňeşi, Baýdeniň Prezidentligini tassyklasa ýalňyş etdigi bolar, emma Ak Tamdaky wezipämden çekilerin, ony bilýärsiňiz” diýip aýan etdi.

Tramp, saýlawda Demokratlaryň galplyk edendigini belläp: “Saýlaw ulgamynyň infrastrukturasy boýunça dünýäniň ۳-nji ýurtlary ýalydyrys” diýip nygtady.

Jo Baýdeniň Prezidentligi tassyklanan halatynda 20-nji ýanwarda geçiriljek kasam edişlik dabarasyna gatnaşyp-gatnaşmajakdygy bilen bagly soraga Tramp: “Onuň jogabyny bilýärin, emma häzirki wagtda onuň bilen bagly hiç zat aýtmaryn” diýip jogap berdi.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز