• news ID :

    70586

  • /
  • Date :

    2020-03-01

  • Font

آماده 1024 23 300x185 - Azerbaýjan koronawirus sebäpli Eýran serhedini ýapdyAzerbaýjanda Eýrana gidip gelen 2 adama wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy

Turkmensnews- Azerbaýjan koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen Eýran serhedini ýapdy.

Azerbaýjanda koronawirusa garşy täze döredilen topar tarapyndan berlen beýanatda, wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen Eýran serhediniň ۲ hepde möhlet bilen ýapylandygy nygtaldy.

Azerbaýjanda bolan Eýranyň raýatlarynyň we Eýranda bolan Azerbaýjanyň raýatlarynyň ýurtlaryna dolanmaklary üçin koridoryň açyljakdygy bellenildi

Beýleki tarapdan Azerbaýjanda Eýrana gidip gelen 2 adama wirusyň ýokaşandygynyň anyklanylandygy habar berildi.

Ady agzalýan hassalaryň karantin astyna alynandygy nygtaldy.

Azerbaýjanda koronawirus ilkinji gezek düýn ýüze çykypdy.

Eýrandan Azerbaýjana gelen Russiýanyň raýaty bolan 1 adam wirus sebäpli karantin astyna alnypdy.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز