• news ID :

    108704

  • /
  • Date :

    2022-03-21

  • Font

Ata Watan 300x169 - Ata Watan Türkmenistanda Nowruz baýramy dabara bilen bellenilip geçildiTurkmensNews-  ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan Nowruz baýramy, bütin Türki Döwletleriň geografiýasynda bolşy ýaly Ata Watan Türkmenistanda hem uly dabara bilen bellenilip geçildi

Türkmenler gadymy däp-dessurlaryny ýerine ýetirmek bilen birlikde, ýurtda 22-23-nji mart günleri hem resmi dynç alyş günleri hökmünde yglan edildi.

Türkmenistanda Nowruz baýramy bilen bagly dabaralar Aşgabat şäherindäki Garagum derýasynyň kenarynda bellenilip geçildi. Dabara Türkmenistanyň Aksakgallar mejlisiniň agzalary bilen birlikde köp sanda edaradyr-kärhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Bahar paslynyň ýaňadandan oýanyşyny aňladýan Nowruz baýramynyň öňi syrasynda ýurduň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda müňlerçe ýaş nahal oturdyldy. Nowruz baýramy mynasybetli ýurdyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow gutlag ýüzlenmesini çap etdi. Gutlag ýüzlenmesinde türk halkynyň durmuşynda aýratyn bir orny bolan Nowruz baýramynyň tebigatda direlişi, täzelenmegi manysyny bermek bilen birlikde, halklaryň arasynda parahatçylygy, ynamy, agzbirligi we jebisligi alamatlandyrýandygyny beýan etdi. “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan edilen ýylda raýatlary Nowruz baýramy bilen tüýs ýüreginden gutlaýandygyny mälim etdi.

62386e98e8693 300x169 - Ata Watan Türkmenistanda Nowruz baýramy dabara bilen bellenilip geçildi

Milli gara öýleriň gurulan dabara meýdançasynda ýaz paslynyň oýanyşy we tebigatyň ýaňadandan dogulyşy mynasybetli, köne däp-dessurlaryň sahnalaşdyrylan halk oýunlarynyň görkezilişi boldy. Milli miras we şanly taryh suratlandyrylan biri-birinden tapawutly oýunlar sahnalaşdyryldy.

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Ahal Teke atlary bilen ýerine ýetiren oýunlary görkezildi.

Milli tagamlaryň hödür kerem edilen dabarada Nowruz gününe mahsus bolan Semeni datlysy taýarlandy.

Dabarada taryhy oba hojalyk usullaryndan el sungat işlerine çenli türkmen halkynyň ähli medeni mirasy sergilendi. Uniwersitetlerde okaýan ýaşlar bolsa özleri tarapyndan taýarlanan sungat eserlerini sergilediler.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز