68618
2020-01-27
TurkmensNews- ۲۰۲۰-nji ýylyň ۲۳-nji ýanwarynda Aşgabatda bilelikdäki Türkmen-German iş toparynyň ۹-njy mejlisi geçirildi
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, german tarapyna bolsa – Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysady işler we energetika ministrliginiň Daşary syýasat departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasary ýolbaşçylyk etdiler.
Gepleşikleriň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürler toparynyň arasyndaky özarahereketleriň derejesine ýokary baha berdiler, şeýle-de ýurtlaryň ikisinde hem maýa goýum şertleriniň mundan beýläk hem ösdürilmegi babatynda teklipleri orta atdyrlar.
Mejlise gatnaşyjylar nebitgaz çykaryjy senagatda, maliýe we saglygy goraýyş ulgamynda häzirki we geljekki taslamalara seredip geçdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda işleýän hünärmenleriň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagy boýunça maksatnamalary guramagyň mümkinçiliklerine seredildi.
Related posts
Commets
Last News
18 آوریل 2021
17 آوریل 2021
16 آوریل 2021
14 آوریل 2021
13 آوریل 2021
Your Comment