109549
2022-04-19
TurkmensNews- Döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow tarapyndan hem gezilip görülen sergide ýurduň söwda ulgamynyň öndüren eksporta niýetlenen täzelikçi harytlary tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinin 14 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabadyň Söwda we senagat edarasynda sergi açyldy. Sergide azyk işleýin senagatlary, dokma, oba-hojalyk, ulaglar, logistika we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Sergä gatnaşan Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetiň ýokary depginde ösmeginde telekeçileriň möhüm paýynyň bardygyny nygtady, ýurtda kiçi, orta we uly göwrümli kärhanalaryň açylmagynyň hususy pudagyň milli ykdysadyýetdäki pozisiýasyny güýçlendirjekdigini aýtdy. Şol çäkde ýaşlaryň ähli ugurlardaky telekeçilik işleriniň goldanjakdygyny nygtady. Tükmenistanyň lideri aýratynam Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli ýokary okuw jaýynyň gurluşygy üçin karz berilmegi boýunça degişli karara gol çekdi.
Sergide 200-den gowrak pudaklaýyn wekiller öz ugurlaryndaky tazelikleri we täzelikçi görkezijileri gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi. Türkmen telekeçileriniň gazanan üstünlikleri hakynda maglumat berildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bilrşmesi ýurtdaky 27 müňden gowrak işewüri özünde jemleýär. Ýurduň ykdysadyýetiniň tas ähli pudaklarynda iş alyp barýan türkmen telekeçileri, dürli iş ugurlaryndaky ägirt uly potensialyň bardygyny görkezýär. Esasanda bileleşigiň agzalarynyň öndürýän senagat we azyk senagatynyň önümleri 14 ýylda 85 göterim artdy.
Related posts
Commets
Last News
30 ژانویه 2023
15 ژانویه 2023
18 دسامبر 2022
02 نوامبر 2022
23 اکتبر 2022
Your Comment