• news ID :

    93141

  • /
  • Date :

    2021-04-17

  • Font

28 - Aşgabatda Halkara Maslahatlar merkeziniň binasy dabaraly ýagdaýda açyldyTurkmensNews-  Aşgabat şäherinde Türkimenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Maslahatlar merkeziniň binasy açyldy

Aşgabat şäherinde Türkimenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Maslahatlar merkeziniň binasy açyldy. Açylyş dabara Ministrler kabinetiniň mejlisiniň agzalary, ilçiler, ýokary okuw jaýlaryň rektorlary, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplar gatnaşdylar.

Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň ۱۴۰ ýyllygyna bagyşlanyp täze binalar toplumlarynyň açylyşlary tizleşdirildi. 12-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda 2 uly döwlet bankynyň binalary açylypdy. 14-nji aprelde bolsa Halk Maslahaty binasynyň açylyş dabarasy boldy. Şu gün bolsa Halkara Maslahatlar binasy bilen ýanynda ýerleşýän Kabul ediş merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Aşgabat şäheriniň günortasynda Köpetdag dagynyň eteginde ýerleşýän Maslahatlar merkezi, bezeginde häzirki zaman türkmen suratkeşleriniň nakgaş eserleri bilen bezeldi. Binanyň içinde 1200 orunlyk maslahatlar zalyndan daşary, kabul ediş merkezi, gepleşikler zaly, metbugat, resminamalara gol çekmek üçin zallar bar.

Täze açylan Maslahatlar merkezinde şeýle hem şu gün “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýyla bagyşlanyp “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahat geçirildi.

Maslahatyň açylyşynda çykyş eden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmeginiň möhümdigini beýan etdi. Türkmenistanyň dünýäde we sebitde parahatçylygy we dialogy üpjün etmek maksady bilen BMG, ÝHHG ýaly abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigini habar berdi.

Ondan soň bolsa maslahat gatnaşyjy myhmanlaryň çykyşlary bilen dowam etdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ÝUNISEF-iň wekili Kristine Weýganda, Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohine, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stiwen Klimowa, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozda we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso söz berildi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Bitaraplyk statusynyň sebitde we bütin dünýäde uly ähmiýede eýedigini bellediler. Mundan başgada Türkmenistanyň halkara arenada parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin uly tagalla edýändigini beýan etdiler.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز