• news ID :

    93182

  • /
  • Date :

    2021-04-18

  • Font

Asgabat 300x169 - Aşgabatda Halkara Ahalteke Atçylyk Assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildiTurkmensNews  Maslahat Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk etdi

“Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Ministrler kabinetinin agzalary, Halkara Ahalteke Atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we metbugatyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen bedewiniň milli baýramy şu ýyl aprel aýynyň 19-25-i aralygynda Aşgabat, Ahal we Mary welaýatlarynda dürli çäreler bilen bellenilip geçiler. Şol baýramyň öňüsyrasynda her ýyl Ahalteke Atçylyk Assosiasiýasynyň forumy geçirilyär.

Forumda çykyş eden Prezident Berdimuhamedow, türkmeniň ganatly bedewlerini wagyz etmäge we ony bütin dünýä tanatmak üçin halkara derejesinde bäsleşikleriň geçirilýändigini aýytdy. Atçylyk sportunyň ösdürilmegi we atlary gowy şertlerde ýetişdirmek üçin HAlkara Ahalteke Atçylyk kompleksinin gurulandygyny beýan etdi we Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady.

Forumda Ahalteke atçylyk assosiasiasynyň agzalaryna dürli atlar dakyldy, atşynaslara dürli sowgatlar berildi. Assosiasianyň başlyklygyna bolsa Serdar Berdimuhamedow saýlandy. 11-nji ýýlygyny belläp geçýän assosiasiýanyň dünýäniň 36 ýurdynda 191 agzasy bar.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز