118036
2023-02-19
Eýranyň ykdysadyýetine goşant goşýan dürli pudaklaryň türkmen bazaryna gelmegini maksat edinýän sergi iki ýurduň işewürlerini duşuşdyrdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat birleşmesiniň Sergiler merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň sergisi açyldy. Serginiň açylyşyna hökümetiň agzalary, halk deputatlary, diplomatik wekiller, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen habar beriş gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen ykdysadyýet bazaryndaky pozisiýasyny güýçlendirmek isleýän Eýran, sergä 100-e golaý firma bilen gatnaşýar. Sergide nebit, gaz, himiýa we azyk senagatynyň harytlary bilen derman, lukmançylyk enjamlary, hojalyk önümleri we awtoulaglary öz içine alýan sergi türkmen we eýranly işewürleri duşuşdyrdy. Telekeçiler öz ugurlaryndaky täzelikleri sergä gelenleriň dykgatyna ýetirdi.
Üç gün dowam etjek serginiň iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryna goşant goşmagyna garaşylýar.
Related posts
Commets
Last News
27 مارس 2023
25 مارس 2023
19 فوریه 2023
30 ژانویه 2023
15 ژانویه 2023
Your Comment