• news ID :

    121438

  • /
  • Date :

    2023-07-02

  • Font

هوشمند آرقاداغ 01 300x200 - Arkadag şäheriniň açylyşyna Türkiyeden ýokary derejeli gatnaşykTurkmensNews-  Türkiyäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr ilkinji resmi daşary ýurt saparyny Ata Watan Türkmenistana amala aşyrdy.

Akylly şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurulan Arkadag şäheriniň açylyşyna gatnaşan Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr ýany bilen türkmen liderler üçin ýörite ýagdaýda öndürilen 2 sany ak reňk TOGG ulaglaryny alyp geldi.

TRT beýannama beren Türkiyäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, Türkiye bilen Türkmenistanyň arasynda 2 milliard 100 million dollar bolan söwda mukdaryny artdyrmak üçin has köp tagalla etjekdiklerini habar berdi.

Türkmenistanyň Ahal welaýatynda 1002 gektarlyk meýdanda gurulan akylly şäheriň açylyşy amala aşyryldy. Şäherde hassahanalardan başlap banklara, ulag düzgünleşdirmesinden elektrik tokda işleýän taksa we awtobus dolanşygyna çenli köp ugur boýunça döwrebap sanly ulgam ýola goýuldy.

TRT-nyň Türkmenistandaky wekili Ugur Sami Gezer: “Aşgabat howa menziline 25 km uzaklykda ýerleşýän we tamamlanmagy üçin ministrleriň, senagatçylaryň we telekeçileriň goşant goşan Arkadag akylly şäher taslamasy 3,5 milliard dollar boldy” diýip habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýerine ýetirilen açylyş dabarasyna Türkiyäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr bilen Türkiyäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu gatnaşdy. Türkmenistanyň Milli lideri we Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşyk geçiren Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr Türkmenistan sapary barada TRT-e beýannama berdi.

هوشمند آرقاداغ 1 300x200 - Arkadag şäheriniň açylyşyna Türkiyeden ýokary derejeli gatnaşyk

Türkiyäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr: “Türkmenistana guran saparymyzyň çäginde hem Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşyk geçirmäge mümkinçiligimiz boldy. Türkmenistana sapar guramagymyzyň sebäpleriniň biri hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygyna we Türkmenistanyň Prezidentine sowgat edilen TOGG ulaglaryny getirmekdi. Türkmenistanda gurulýan Arkadag şäheri aslyna garanyňda täze nesil tehnologiýalar bilen üpjün edilýär we daşky gurşaw taýdan arassa bir şäher hökmünde gurulýar. Şu günki güne çenli amala aşyrylan gurluşyk işlerinde şol çemeleşme bilem amala aşyryldy we biz Türkiyäniň milli markasy bolan TOGG ulaglarynyň Ata Watana örän gelişjekdigine ynanýarys. Türkmenistana Ata Watanymyza getiren TOGG ulaglary ilkinji ak reňkli dowamly önümçiliginden çykan ulaglar. Bu bolsa biz tarapdan aýratyn bir mertebe, aýratyn bir buýsanç çeşmesi boldy” diýdi.

Türkiye bilen Türkmenistanyň arasyndaky güýçli doganlyga we hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklaryň öňümizdäki döwürde artyp dowam etjekdigini aýdan Mehmet Fatih Kajyr, iki ýurduň arasyndaky söwda kuwwadynyň 2 milliard 100 million dollardygyny habar berdi.

Türkiyäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr: “Türk maýdarlaryň bu ýurtda amala aşyran hyzmatdaşlyklary we maýa goýumlary Türkmenistanyň galkynyş ýolagçylygynda biziň egnimize örän gymmatly jogapkärçilik goýdy. Häzirki wagtda 2 milliard 100 million dollar derejesinde bolan ikitaraplaýyn söwda kuwwadymyz bar. Ony nesip bolsa has hem artdyrmak üçin tagalla ederis” diýip habar berdi.

64 müň adama ýer eýeçilik etjek Arkadag şäherinde köp sanda döwlet guramalary, ýaşaýyş jaýlar, iş ýerleri, myhmanhanalar, hassahanalar we mekdepler guruldy. Gurulan şäheriň 2-nji tapgyr gurluşyk işleri dowam edýär, täze taslamalara türk firmalarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز