116383
2022-12-18
TurkmensNews- Katarda geçirilen Dünýä futbol çempionatynyň final duşuşygynda Argentina bilen Fransiýa özara bäsleşdiler.
Lusail stadionynda geçirilen duşuşyga täsirli ýagdaýda başlan Argentinanyň ýygyndysy, 23-nji minutda Lionel Messiniň penalti urgysyndan geçiren goly bilen 1-0 hasabynda öňe geçdi.
“Tangoçylar” Fransiýanyň derwezesine 36-njy minutda Anhel Di Marianyň 36-njy minutda geçiren pökgüsi bilen hasaby 2-0-ä ýetirdiler.
Argentina duşuşygyň 1-nji ýarymyny 2-0 hasabynda tamamlady.
Duşuşygyň soňky 10 minudynda Fransiýa ajaýyp derejede oýnady.
Fransiýanyň ýygyndysy Kilian Mbappeniň 80-nji we 81-nji minutlarynda ilkinjisi penaltiden bolmak bilen 97 sekundyň içinde geçiren pökgüleri bilen hasaby 2-2-ä ýetirdiler.
Galan wagtda ýygyndylaryň ikisi hem üstünlik gazanyp bilmedi we duşuşygyň adaty wagty 2-2 hasap bilen deňme-deň tamamlandy.
Goşmaça wagtyň ilkinji bölüminde deňme-deň ýagdaý dowam etdi.
Duşuşygyň 108-nji minudynda Lionel Messi, garşydaş ýygyndynyň derwezesine gol geçirip, hasaby 3-2-ä çykardy.
Emma Fransiýa göreşini dowam etdirdi we 118-nji munutda Mbappe penalti urgysy bilen geçiren goly bilen hasaby 3-3-e ýetirdi.
Duşuşygyň goşmaça wagty hem deňme-deň tamamlandy we penalti urgulary ýerine ýetirildi.
Penalti urgularynda Fransiýadan 4-2 hasabynda üstün çykan Argentina, 2022 FIFA Dünýä kubogynyň çempiony boldy.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment