• news ID :

    73409

  • /
  • Date :

    2020-04-16

  • Font

hfk sdkh 300x185 - Adamzat taryhynda ýazylan iň giň gerimli eseriň beýik lukman Ibn Sina degişlidigini bilýäňizmi?Turkmensnews- Adamzat taryhynda ýazylan iň giň gerimli eseriň beýik lukman Ibn Sina degişlidigini bilýäňizmi?

Günbatarda “Awisena” atlandyrylýan Ibn Sina 980-nji ýylda häzirki Özbegistanyň Buhara şäheriniň golaýyndaky Afşana şäherinde dünýä inýär. Buharada kakasyndan we döwrüň beýik alymlaryndan sapak alýar. Adatdan daşary zehini we düşünjesi onuň ýoluna şöhle saçýar.

۱۴ ýaşynda mugallymlaryndan öňe geçmäge başlaýar. 16 ýaşynda lukmançylyga höwes edýär we Kaşýar atly lukmandan bilim alýar. Lukmançylyk ylmyny öwrenmek bilen çäklenmän, täze bejergi usullaryny oýlap tapýar. 19 ýaşynda lukman derejesini alýar we hassalary tölegsiz bejermäge başlaýar. 21 ýaşynda döwrüň iň tanymal lukmanlardan biri bolýar.

Ibn Sina lukmançylyk boýunça ençeme eser ýazýar. Şolaryň arasynda esasanda ýürek-damar ulgamy hakynda ýazanlary ünsleri çekýär. Esasy eserlerinden biri bolan Kitabuşşypa ýagny “Şypa kitaby” adamzat taryhynda bir adam tarapyndan ýazylan iň iri eserdir. Şol eser mantyk, fizika, geometriýa, astronomiýa, matematika, saz we metafizika ylymlarynda döwrüniň ähli alymlaryny özünde jemlän ensiklopediýadyr.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز