ترکمن نیوز

Ngozi Okonžo Iweala 300x169 - Koronawirus Sanjymy Bütin Dünýä Deň Derejede ÝetirilmeliTurkmensNews-  Bütindünýä söwda guramasynyň täze başlygy Ngozi Okonžo-Iweala koronawirus sanjymynyň ähli ýurtlara deň derejede berilmelidigini beýan etdi

 

Mundan ozal Global sanjym we sanjymlama bileleşiginiň başlygy bolup işlän Ngozi-Okonžo-Iweala “BBC-ä” beren interwýusynda: “Baý ýurtlaryň raýatlary sanjymlanýarka ýoksul ýurtlar sanjym üçin garaşmaga mejbur bolmaly däl” diýdi.

Okonžo-Iweala soňky hepdelerde birnäçe ýurtdan öndürilýän sanjymlaryň eksportyny bökdemäge synanşýandygyna ünsi çekip, onuň global kadalaşmany bökdejekdigini nygtady.

Okonžo-Iweala: “Mutasiýalara garşy her bir ýurt diňe öz raýatlaryny sanjymlamak üçin çäreler gören halatynda özüni howpsyz duýup bilmez” diýdi.

BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterriş bolsa ähli ýurtlary diňe öz halklarynyň däl, eýsem başga ýurtlaryň halklarynyň hem sanjymlanmagyna goldaw berip, “arkalaşygy” üpjün etmäge we “sanjym milletçiliginden” halas bolmaga çagyrdy.

تاریخ و زمان خبر

17

02

2021

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda