TurkmensNews- Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Türkiýäniň goranyş senagatyna garşy birtaraplaýyn sanksiýalaryny ýazgardy
ABŞ-nyň Gazna ministrligi duşenbe güni Türkiýäniň goranyş senagatyny we dört sany türk resmisini, şol sanda Türkiýäniň goranmak pudagynyň başlygy Ysmaýyl Demiri boýkot edendigini habar berdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Russiýanyň ýarag kompaniýasy Rosoboronexport bilen bilkastlaýyn hyzmatdaşlyk edendigi we S-400 raketa goranyş ulgamyny satyn alandygy üçin Katsa diýilýän kanun boýunça Türkiýä sanksiýa berlendigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif sişenbe güni ABŞ-nyň bir taraply hereketine jogap hökmünde “Goňşular bilen ilkinji nobatdaky” hastagyny ulanyp ýazan twit-inde .ABŞ-nyň sanksiýalara endik etmegi we halkara hukugynyň kemsidilmegi gaýtadan özüni görkezdi” diýip nygtady.
“ABŞ-nyň Türkiýä garşy ýakynda girizen sanksiýalaryny berk ýazgarýarys we bu ýurduň halkynyň we hökümetiniň ýanynda durandyrys” diýip Zarif yglan etdi.