ترکمن نیوز

Baýdene 300x169 - Baýdene we Harrise Gutlag Ýüzlenmeleri GelýärTurkmensNews-  Jo Baýdeniň we Wise-prezidenti Kamala Harrisiň kasam edip wezipesine başlamagyndan soň gutlag ýüzlenmeleri gelýär

 

ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Jo Baýdeniň we saýlanan ilkinji zenan Wise-prezidenti Kamala Harrisiň kasam edip wezipesine başlamagyndan soň dünýäniň çar tarapyndan gutlag ýüzlenmeleri gelýär.

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel gutlag ýüzlenmesinde “Has güýçli Ýewropanyň, has güýçli ABŞ-nyň we has güýçli dünýäniň” gurulmagyny teklip etdi.

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula Fon Der Laýen hem Baýden bilen Harrisi täze wezipeleri bilen gutlandan soň “Ýewropa täze başlangyja taýar” diýdi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bolsa ýazmaça beýannamasynda, guramanyň adyndan Baýden bilen Wise-prezident Harrisi gutlap, “Şu gün gurama üçin täze döwrüň başlangyjy” diýip belledi.

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro hem, Baýdene täze wezipesinde rowaçlyk arzuw edýändiklerini nygtady we ABŞ bilen gepleşik geçirmäge taýardyklaryny belledi. Maduro, Baýdenden ýurdu meselesinde adalatly tutum alyp barmagyny isledi.

Ýaponiýanyň Premýer ministri Suga Ýoşihide gutlagynda “Ýaponiýa bilen ABŞ ähliumumy gymmatlyklara sarpa goýýan iki hyzmatdaş. Hyzmatdaşlygymyzyň has-da güýçlendirilmegi üçin,  siziň bilen işleşmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif hem Twitterden beren habarnamasynda, Donald Trampyň alyp baran syýasatlarynyň indi gaýtalanmazlygy üçin çagyryş berdi.

تاریخ و زمان خبر

21

01

2021

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda