ترکمن نیوز

Aşgabat 1 - Aşgabatda halkara parahatçylyk we ynam dabarasy geçirildiTurkmensNews-  Bütindünýä Parahatçylyk we Ynam ýylynyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda wideo konferensiýa görnüşinde geçirildi

 

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Aşgabatda Bütindünýä parahatçylyk we ynam ýylynyň açylyş dabarasynda, türkmen resmileri we ýurtda ýerleşýän halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

bu dabarada BMG-nyň utgaşdyryjysy we UNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin WiegandTürkmenistanyň prezidentiniň başlangyjy bilen halkyň arasynda parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi goramak maksady bilen başlanan Bütindünýä Parahatçylyk we Ynam ýylynyň ähmiýetini belläp, munuň durnukly ösüşiň açarydygyny aýtdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-nyň ۷۳-nji mejlisinde yglan edilen kararyň Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny görkezýän “Halkara Parahatçylyk we Howpsuzlyk ýyly” diýlip atlandyrylandygyny aýtdy.

Türkmeniň Daşary işler ministri ýurtlar bilen halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde özara düşünişmek we hyzmatdaşlyga esaslanýan diplomatiýa mehanizmini, syýasy gepleşikleri ulanmagyň möhümdigini aýtdy.

 

تاریخ و زمان خبر

01

02

2021

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda