Turkmensnews- Türkmen hökümeti birnäçe halkara konwensiýalara we şertnamalara goşulmak isleýändigini mälim etdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri Reşit Meredow ýekşenbe güni geçirilen wideo konferensiýasynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen Aşgabat döwletiniň birnäçe halkara konwensiýalara we şertnamalara goşuljakdygyny yglan etdi.
Reşit Meredow 1960-njy ýylda bilimde diskriminasiýa garşy konwensiýa we 2005-nji ýylda Medeniýeti goramak we ösdürmek baradaky konwensiýa goşulmak üçin teklip hökmünde salgylandy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňlanden soň, Aşgabadyň daşary syýasatynyň dünýädäki ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşygy giňeltmekdigini aýtdy.
Berdimuhamedow premýer-ministriň orunbasaryna teklipleri parlament bilen ara alyp maslahatlaşmagy we meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin zerur amaly çäreleri görmegi tabşyrdy.