ترکمن نیوز

TÜRKMEN TARAPYNYŇ GOLDAW 300x130 - AKINA ŞÄHERÇESINDE TÜRKMEN TARAPYNYŇ GOLDAW BERMEGINDE TÄZE METJIT GURULDYTurkmensNews-  ۲۰۲۰- nji ýylyň ۴-nji dekabrynda türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly goldawynyň nyşany hökmünde Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde gurlan metjidiň açylyş dabarasy geçirildi.

 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň noýabrynda 500 orunlyk metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Bu karar Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy, şol sanda doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi üçin Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän goldawyň çäklerinde kabul edildi.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň baş müftüsi Ý. Hojagulyýewiň ýolbaşçylygynda wekilçilikli wekiliýet gatnaşdy we onuň düzümine Türkmenistanyň OYR-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H. Öwezow, Türkmenistanyň OYR-nyň Mazari-Şerip şäherindäki Konsuly B. Käbäýew, ýurduň Mary we Lebap welaýatlarynyň baş ymamlary hem-de türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri girdi.

 

 

تاریخ و زمان خبر

06

12

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda