ترکمن نیوز

Baýden 300x169 - ABŞ-nyň Täze Prezident Baýden Ak Tamda Birinji Gününde 17 Kararnama Gol GoýdyTurkmensNews-  Saýlanan Prezident Jo Baýden we saýlanan ilkinji zenan wise-prezident Kamala Harris kasam edip wezipelerine girişdiler

 

Baýden we Harris kasam ediş dabarasyndan ozal Waşingtondaky Keramatly Mattew katedralyna baryp, ol  ýerden Kongrese geldiler.

Ol ýerde Türkiýe wagty boýunça sagat 20:00-da Baýden ABŞ-nyň ۴۶-njy prezidenti, Harris bolsa 49-njy wise-prezident hökmünde kasam etdiler.

Täze prezident Baýdeniň kasam edenden sözlerine: “Şu gün demokratiýanyň, taryhyň we umydyň güni” diýip, başlady.

Baýden ýurdunyň başdan geçirýän kynçylyklaryny jebislik bilen ýeňip geçjekdiklerini beýan etdi.

“Amerikalylaryň ählisiniň prezidenti bolaryn” diýen Prezident Baýden: “Ýaranlyk gatnaşyklarymyzy kadalaşdyrarys we dünýä bilen ýaňadandan ýakyn gatnaşyk açarys” diýdi.

Prezident Jo Baýden we Wise-prezident soň ýan ýoldaşlary bilen birlikde esgerler bilen salamlaşdy.

Harby dabaradan soň Ak Tama geçen Baýden, Prezident hökmünde ilkinji kararnamalaryna gol goýdy.

Ilkinji nobatda federal bina koronawirusa garşy göreş maksady bilen maskasyz girmegi gadagan eden Baýden, global ýylylygy kabul etmeýändigi üçin Trampyň çekilen Pariž Klimat şertnamasyna we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna ýaňadandan goşulmak hakyndaky kararlary gol goýdy.

Trampyň käbir musulman ýurtlara goýan syýahat gadagançylygyny hem bes eden Baýden, Meksika serhedinde gurulýan diwaryň gurluşyk işleri üçin bölünip berlen serişdeleriň kesilmegi baradaky karara gol goýdy.

Ak Tamda birinji gününde 17 kararnama gol goýan Baýden, Owal ofisde metbugata beren beýannamasynda, Donald Trampyň özüne hat ýazandygyny emma hatyň mazmuny barada maglumat bermejekdigini ýatlatdy.

تاریخ و زمان خبر

21

01

2021

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda