• news ID :

    19500

  • /
  • Date :

    2018-05-17

  • Font

oraza 300x185 - Oraza, Türkmen Halkynyň mukaddes aýyTurkmensNews- Musulman däpleriniň içinde her güni nurdan doly bolan we 1 aý dowam edýän aýyň ady Oraza aýydyr.

Türkmeniň Ata-Babalaryndan gelýän bu mukaddes aý, agzybirligiň, dogan garyndaşlyk gatnaşyklarynyň berkeýän, parahatçylygyň we asudalygyň nyşany hasaplanýar.

Ýene-de dünýäniň hiç bir halkynda bolmadyk däpleriň biri, bu çagalaryň her bir öýe aýlanyp bu aýyň gelendigi barada şatlykly habar bermegidir, adamlaryň bolsa olara sowgatlar bilen garşylamagydyr.

Oraza aýynda her bir musulman tämiz we arassa bolmaga hem-de agyz beklemägi niýet edinýär. Alymlar agyz beklemekde zyýan ýok emma peýda bardygy barada nygtaýarlar.

Agyz beklemek we medisina

Lukmanlar, agyz beklemek, merkezi nerw ulgamynyň, iýmit siňdiriş ulgamynyň fiziologiki dynç almasyna, hem-de metobolizimiň kadalaşmasyna sebäp bolýandygyny ýazýarlar. Oraza aýynda aç bolmaklyk nerw öýjiklerini has hem güýçli işledýär, netijede adamyň beýnisi has tiz pikirlenmäge, maglumat kabul etmäge ukybynyň artýandygyny hem belleýärler.

Agyz beklemek we saglyk barada biz Siz üçin örän giňişleýin makala ýazypdyk.

Iýmitlenme

Agyz bekleýän adam gün batanyndan – gün doganyna çenli aralykda az-azdan iýmitlenýär. Takyk wagtlar şu taýdan alyp bilersiňiz.

Bir gije gündiziň dowamynda adamyň iki gezek iýmetlenmesiniň netijesinde artyk iýmitlenme ýa-da aç galma ýaly ýagdaýlar bolmaýar. Agyz beklenýän döwri adam, lukmanlaryň talap edýän koloriýa kadalarynyň üçden iki bölegini kabul edýär. Bu bolsa saglyk taýdan hem zyýany ýok diýip hasaplanylýar.

Agyz beklemäniň käbir şertleri

Kada boýunça, eger Oraza aýynda adam, ýaramadyk bolsa ýa-da ýolda saparda bolan bolsa onuň agyz beklemesi şert däldir. Gutylandan soň ýa-da sapardan geleninden soň geçiren günleriniň öwezini dolýar. Egerde keseli gtulmaýan dowamly kesel bolsa onda ol adam sadaka ýa-da agyz açar etmeklik gerekdigi barada aýdylýar.

short link: https://turkmensnews.com/?p=19448

 

 

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز