ترکمن نیوز

عراق2 300x198 - Yrak parlamenti bu ýurtdaky Amerikaly harbylaryň çykmaklaryna ses berdiTurkmensNews-  Yrak parlamenti şu gün ikindin geçiren maslahatynda Amerikaly harbylary bu ýurtdan çykarmak baradaky taslamany makullady

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Yrak parlamentiniň şu günki maslahaty bu ýurtdaky Amerikaly harbylaryň çykarylmagy barada bu ýurduň ilatynyň bildirýän islegleriniň hem-de soňky günlerde serdar Suleýmanini we Abumahdei Al-Mohandesi terror etmeginiň yzy bilen geçirilendir.

Yragyň parlament wekilleri bu maslahatyň başynda ölüm bolsun Amerika ölüm bolsun Sionist režimine diýen şygarlary perýat etdiler.

Yragyň wagtlaýyn premýer ministri Adel Abdulmehdi bu ýurduň parlamentiniň ses alyşyk maslahatynda Yrakdaky Amerikaly harbylaryň herne basym çykmaklaryny isledi.

Adel Abdulmehdi Yragyň halyk güýçleriniň bu ýurduň howpsyzlyk sistemasynyň bir bölegidigini nygtap Amerikanyň bu güýçlere hüjüm etmegini ýazgardy.

تاریخ و زمان خبر

05

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda