ترکمن نیوز

Ýer titremesinde 1243 adam ýaralandyTurkmensNews-  ýer titremesinde häzire çenli 43 adam halas edildi, 18 adamyň halas edilmegi baradaky işler dowam edýär

Elazygyň Siwrije etrabynda düýn Türkiýe wagty bilen 20.55-de bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremesinde 22 adam ýogaldy, 1243 adam ýaralandy.

Ýer titremesinden häzire çenli 43 adam halas edildi, 18 adamyň halas edilmegi baradaky işler dowam edýär

Ýeriň ۶,۷۵ kilometr aşagynda bolan ýer titremesi 40 sekunt dowam etdi.

Ýer titremesi Adana, Hataý, Osmaniýe, Tunjeli, Gaziantep, Malatýa, Mardin, Samsun, Tokat, Çorum, Mardin, Kaýseri welaýatlarynda we Siriýanyň demirgazygynda hem täsirli boldy.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum bilen Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Elazyga bardy.

Üç ministr welaýat häkimliginde metbugata beýanat berdi.

Içeri işler ministri Soýlu beýanatynda “Malatýa Doganýolda 4, Elazygda 18 raýatymyz ýogaldy” diýdi.

 Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum “Ýer titremesinden soň ۴ göçme hassahana we 48 çadyryň gurulýandygyny belledi.

تاریخ و زمان خبر

24

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda