• news ID :

    74029

  • /
  • Date :

    2020-04-27

  • Font

8 36 300x202 - ýaşajyk nakgaşlar ahal-teke bedewlerine bagşlanan işlerini görkezdilerTurkmensnews- Şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynyň birinde Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň we 2-nji Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan işleri görkezilýär. Çäräni Aşgabat şäher Medeniýet müdirligi gurady.

Tematiki sergi milli sungatyň ösüş ýollaryna, onuň erteki gününe giňişleýin garamaga mümkinçilik berýär. Ahal-teke bedewleri – milletiň ruhy medeniýetiniň wajyp bölegidir. Olaryň owadanlygy, ýüwrükligi bilen nepisliginiň ajaýyp utgaşygy – ylham çeşmesi. Ýaşajyk nakgaşlar-da «behişdi» bedewlere çeper bagyşlamalary arkaly türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini we ýörelgelerini öwrenýärler, bu bolsa ösüp gelýän nesliň sazlaşykly ösmegi, giň möçberli çeper pikirlenme endiginiň kemala gelmegi üçin uly ähmiýete eýedir.

Paýtagtymyzyň çeperçilik mekdepleriniň hersi žiwopis, keramika, heýkeltaraşlyk žanrlaryndan eserleriň, şeýle hem zergärçilik we haly sungatlarynyň nusgalaryndan tematiki işleriň 60-syny görkezdiler.

-Erkin temadan işlemeli bolanda çagalaryň aglabasynyň diňe atlary şekillendirýändigine mugallymlarymyz üns beripdirler – diýip B. Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiri Güljemile Orazgeldiýewa gürrüň berýär. – Munuňam sebäbi, okuw maksatnamasyna laýyklykda çagalar ýygy-ýygydan aýlawa gidip, ahal-teke bedewlerine syn edýärler, olaryň häsiýetini, kaddynyň aýratynlyklaryny öwrenýärler, türgenleşiklere syn edýärler. Olar özünde galan täsirleri dürli tilsimli işlerinde beýan edýärler, olarda owadan we ýüwrük atlarymzya söýgi duýulýar.

Şu mekdebiň okuwçylarynyň işleriniň arasynda žiwopis bölüminiň 4-njy synp okuwçysy Medine Wepaýewanyň ekspressiýa ýugrulan işi tapawutlanýar. Ol çapyksuwar bilen atyň bir göwrä dönýän dartgynly at çapyşygyny şekillendiripdir. Suratda duýgylar giňişleýin berlipdir.

Onuň gapdalynda goýlan gobelende «asman» atynyň abstrakt keşbi beýan edilýär. Onuň awtory halyçylyk bölüminiň 4-njy synp okuwçysy Leýli Nuryýewa gök-melewşe-benewşe garşylykly goýy gyzyl-gülgünräk röwüşli açyk sary öwüşginli mylaýym reňkler bilen çylşyrymly çitimlerde atyň keşbini dokapdyr.

Leýliniň synpdaşy Jeren Aşyrmuhammedowa gobelende reňkleriň we kompozisiýanyň faktura bölekleriniň takyk çäginde güberilip duran at kellesini ussatlarça şekillendiripdir.

Žiwopis bölüminiň gutardyş synpynyň okuwçysy Olga Sidorenkonyň zehin siňdirip çeken grafiki işinde atyň gapdala bakyp duran keşbinde onuň gujury, asyllylygy we mähirli häsiýeti jemlenipdir. Olga diplom işi hökmünde-de at kellesiniň, ýöne kollaždaky şekilini taýýarlaýar.

2-nji Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işlerinden žiwopis bölüminiň 4-njy synp okuwçysy Ýusup Sapargulyýewiň awtoruçkada çeken at kellesiniň şekili ünsüňi özüne çekýär.

Şol mekdebiň heýkeltaraşlyk bölüminiň gutardyş synpynyň okuwçysy Taňryberdi Orazgylyjow bolsa ajaýyp bedewiň dinamika ýugrulan gips heýkelini getiripdir. Oňa ahal-teke bedewiniň buýsançly bakyşyny, inçe ýyndam aýaklaryny, başyny belent tutuşyny nygtamak başardypdyr.

Zergärçilik işleriniň arasynda Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň zergärçilik bölüminiň 4-nji synp okuwçysy Keremmuhammet Ataşowyň altyn çaýylan melhiordan ýasan toplumy täsirli çykypdyr. Onda maşat daşyndan gaş goýlan nepis dür düzüminde owadan at şekilleriniň ikisi ýerleşdirilipdir.

Sergide goýlan işleriň ählisini dördünji, ýagny gutardyş synpyň okuwçylarynyň ýokary derejede ýerine ýetirendigini bellemek gerek.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز