ترکمن نیوز

Uýgur bosgunlary Malaýziýadan çykarmarys TurkmensNews-  Malaýziýanyň premýer ministri Mahatir Muhammet Hytaýdan bu ýurda pena getiren Uýgurlary çykarmajakdygyny nygtady

 

Anadolu habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Malaýziýanyň premýer ministri Mahatir Muhammet düýn bu ýurduň mejlisindäki garşy partiýalaryň wekilleriniň Hytaýyň Sinjiang az ygtyýar sebitiniň ilaty barada beren soraglarynyň jogabynda egerde az ygtyýar Sinjiang sebitiniň Uýgur musulmanlary Malaýziýa gelip bosgunlyk talap etseler Hytaýyň isleglerine garamazdan olary kabul edip ýurtdan çykarmarys diýip yglan etdi.

Malaýziýa hiç bir ýurduň içeri işlerine gatyşýan däldir we gatyşmak hem niýeti ýokdyr emma dünýäniň ýüzünde musulmanlar şol sanda Uýgurlar basyş astynda ýaşaýandyrlar diýip Malaýziýanyň premýer ministri aýtdy.

Uýgur ilaty öz janlaryndan gorkmaklary sebäpli başga ýurtlara gidip bilýändirler diýip Mahatir Muhammet sözlerine goşdy.

تاریخ و زمان خبر

29

12

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda