ترکمن نیوز

turkmen sport 300x205 - Türkmenistanyň ýygyndysy netijeli oýun görkezdiTurkmensNews-Aziýa yklymynyň iň güýçli toparlarlarynyň biri hasaplanýan Ýaponiýanyň ýygyndysy kynlyk bilen hem bolsa Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ýeňmegi başardy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň web sahypasynyň maglumatyna görä Aziýanyň Kubogy-2019-yň “F” toparçasynyň çäginde geçirilen bu duşuşykda ilki hasaby türkmen topary açmagy başardy. Toparymyzyň Aziýa Kubogyndaky birinji topuny oýnuň ۲۶-njy minutynda daş aralykdan Arslanmyrat Amanow geçirmegi başardy. Şu hasap bilen toparlar arakesmä çykdylar. Ikinji ýarymda Ýuýa Osaka (2) bilen Ritsu Doana hasaby 3:1-e ýetirdi. Oýnuň soňky minutlaryny hüjümde geçiren milli ýyyndymyz jogap topuny geçirmegiň hötdesinden geldi. Netijeli urgyny oýnuň ۷۹-njy minutda 11 metrlik urgudan Ahmet Ataýew geçirdi.

Şondan soňky edilen hüjümleriň aglabasy hem ýapon toparynyň derwezesine boldy. Ýöne muňa garamazdan, hasap üýtgewsiz galdy.

Türkmenistanyň Milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogyndaky ikinji duşuşygyny 13-nji ýanwarda Özbegistanyň ýygyndysynyň garşysyna geçirer.

Ýaponiýa – Türkmenistan – ۳:۲

Abu-Dabi. «Al Nahyan» stadiony.

Gollar: Ýuýa Osaka 56, 60, Ritsu Doana 71 (Ýaponiýa) – Arslanmyrat Amanow 26, Ahmet Ataýew 79)

Duýduryşlar: Hiroki Sakai 33, Şiuçi Gonda 78 (Ýaponiýa) – Wezirgeldi Ylýasow 90 (Türkmenistan)

Duşuşygyň emini: Аlireza Fagani (Eýran)

Toparlaryň düzümi:

Ýaponiýa: Şiuçi Gonda (d), Ýuto Nagamoto, Gaku Şibasaki, Genki Haraguçi, Takumi Minamino (Koýa Kitagawa), Ýuýa Osaka, Takehiro Tomiýasu, Hiroki Sakai, Tomoaki Makino, Risu Doýan, Maýa Ýesida.

Turkmenistan: Mämmet Orazmuhammedow (g), Zafar Babajanow, Mekan Saparow, Wezirgeldi Ylýasow, Gurbangeldi Batyrow, Arslanmyrat Amanow (Murat Ýakşiýew 69), Ruslan Mingazow (Mihail Titow 85), Wahyd Orazsähedow (Altymyrat Annadurdyýew 59), Serdar Annaorazow, Ahmet Ataýew, Resul Hojaýew.

تاریخ و زمان خبر

11

01

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda