ترکمن نیوز

2 128 300x188 - Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmelerTurkmensnews-  ۲۰۲۰-nji ýylyň ۵-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň beren habaryna görä,Ikitraraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine meýillidiklerini mälim etmek bilen, taraplar sebitara meseleleriniň birnäçesini hem-de halkara giňişligindäki özarahereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň we daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky yzygiderli gepleşikleriň möhüm ähmiýeti bellenilip geçildi. Eýran tarapy döwletimiziň Baştutanynyň parasatly syýasatynyň saýasynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň oňyn döwlet syýasatyna Eýranyň Hökümetiniň ýokary baha berýändigini nygtap geçdiler we hut oýlanşykly hereketleriň netijesinde koronawirus ýokanjynyň Türkmenistanyň çägine aralaşmagynyň öňüniň alnandygy bellenilip geçildi. Türkmenistanyň bu ugurdaky hereketleriniň beýleki ýurtlar üçin nusga bolup biljekdigi bellenilip geçildi.

COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşde tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurlygy barada gürrüň etmek bilen, diplomatlar ulag-ykdysady çökgünligini ýeňip geçmek boýunça oňyn çözgütleriň gözlenilmegine aýratyn ünsi çekdiler. Serhetýaka hyzmatdaşlygynyň çäklerindäki meselelere hem seredilip geçildi.

Eýran tarapy Türkmenistana kyn pursadynda beren ynsanperwer goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Halkara kadalarynyň we ýörelgeleriniň temasyna degip geçmek bilen, taraplar adamyň bagtyýar ýaşaýşynyň esasy üns merkezinde saklanylmalydygyny belläp geçdiler.

Taraplar şeýle-de konsullyk häsiýetli meseleleri, KHBS-leriň işini, şonuň ýaly-da medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk hem giňledilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

تاریخ و زمان خبر

06

05

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda