ترکمن نیوز

Hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen 1-nji derejeli ýurist Rahim Hekimowiç Ataýew Mary welaýatynyň prokurory wezipesine bellenip, ol Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

***

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda:

ýustisiýanyň geňeşçisi Döwran Aýdogdyýewiç Berdimyradow Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

۱-nji derejeli ýurist Maksat Hojamyradowiç Kulyýew Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurory wezipesine;

۲-nji derejeli ýurist Ruslan Wepakulyýewiç Rebbenakulyýew Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň prokurory wezipesine;

۱-nji derejeli ýurist Atabeg Durdymyradowiç Golbaýew Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň prokurory wezipesine;

۲-nji derejeli ýurist Annamyrat Baýramalyýewiç Amangeldiýew Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

۱-nji derejeli ýurist Şöhrat Ümirowiç Klyçew Mary welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

تاریخ و زمان خبر

07

12

2017

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda