69001
2020-02-02
TurkmensNews- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine arassaçylyk ýagdaýyny saklamak, keselleriň öňüni almaga hem-de ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen anyk çäreleri işläp taýýarlamak meseleleri girizildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýüze çykýan ýokanç keselleriň, dümewiň ýaýramagyna gözegçilik boýunça maksatnamany işläp taýýarlamaga degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny pugtalandyrmak boýunça işiň, ilkinji nobatda, Aşgabat döwletiniň durmuş syýasatyna, kanunçylyk üpjünçiligine, lukmançylyk hyzmaty ulgamyny kämilleşdirmäge, ekologiýa baradaky alada, her birimiziň aňymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny berkarar etmäge esaslanýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda,Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu wezipeleriň ählisiniň üstünlikli çözülmeginiň, ilki bilen, degişli jemgyýetçilik pikirini kemala getirmäge baglydygyny aýtdy. Şoňa görä-de, halkymyzyň saglygyny berkitmegiň döwrebap strategiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleriň hatarynda wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işleri möhüm orun eýeleýär.
Häzirki wagtda adamlaryň saglygyny goramak döwletiň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi milletiň we her bir adamyň durmuşynyň anyk ýagdaýydyr.
Berdimuhamedow Türkmenistanda keselleriň peýda bolmak howpuny ep-esli azaldýan degişli öňüni alyş çäreleriniň tutuş toplumynyň geçirilýändigini nygtady.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde arassaçylyk we gigiýena düzgünleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini gazanmak maksady bilen, düşündiriş hem-de wagyz-nesihat işlerini mundan beýläk hem dowam etmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow giň gerimli we maksadalaýyk işleriň geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak babatda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri çözmekde hem-de arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleri geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Commets
Last News
04 آوریل 2024
13 مارس 2024
11 مارس 2024
01 مارس 2024
01 مارس 2024
Your Comment