ترکمن نیوز

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

25 300x188 - Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy ara gatnaşyk ugurda pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy birek-birege mähirli sözleri aýdyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça ikiçäk söhbetdeşlikde pikir alyşmak, şeýle hem halkara syýasatyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny dünýäniň musulmanlary üçin mukaddes bolan we ýokary ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän Gurban baýramy (Id al-adha) bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagt, dostlukly ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Bahreýniň Patyşasy häzirki taryhy döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýän döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini nazara alyp, onuň anyk ugurlaryny kesgitlediler.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan türkmen-bahreýn gatnaşyklary işjeň ösdürilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany we Bahreýniň Patyşasy sebitleýin we halkara meseleleriň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, geografik taýdan uly giňişligi gurşap alan we köp döwletleriň hem-de halklaryň durmuşyna oňaýsyz täsir ýetirýän täze görnüşli koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.

Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan COVID-19 ýokanjyna garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Türkmenistan howply wehime garşy üstünlikli göreşmek üçin ylalaşykly wezipeleriň taýýarlanmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň tarapdary bolup durýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda  Gurbanguly Berdimuhamedow we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa birek-birege Gurban baýramy mynasybetli hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar we iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

 

تاریخ و زمان خبر

27

07

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda