ترکمن نیوز

Türkmenistan Özbegistan 300x169 - Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna Iş Sapary Bilen GeldiTurkmensNews: Prezident Berdimuhamedow Daşkentde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar


۲۰۱۹-njy ýylyň ۲۸-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine iş sapary bilen geldi.

Prezidentiň uçary Daşkent şäheriniň Islam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde Türkmen Liderini resmi adamlar, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçiriler. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar.

تاریخ و زمان خبر

29

11

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda