ترکمن نیوز

جمهور ترکمنستان 300x198 - Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça maslahat geçirdiTürkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Turkmensnews- Şolaryň hatarynda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetimiziň esasy pudagyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, öňdebaryjy halkara tejribäni, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işlerini yzygiderli kämilleşdirmek wezipeleri bar.

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagatynda täze taslamalary durmuşa geçirmek işleriniň ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň esasynda ösdürilmelidigini, şu ugurda ylmy açyşlaryň işjeňleşdirilmelidigini belläp, bu babatda degişli düzümleriň tagallalarynyň birleşdirilmelidigine hem-de işleriniň utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi toplumyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejedäki ösüşini şertlendirer.

Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen Ý.Kakaýewiň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin zerur şertleri döretmek, täze nebitgaz känlerini gözlemek hem-de özleşdirmek işlerini ylmy esasda alyp barmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde nebitgaz toplumy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, pudagyň ähli düzümlerine täzeçil usullary, döwrebap tejribeleri, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň energetika syýasatynyň we bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň esasynda türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna köpugurly esasda çykarmak wezipelerine möhüm ähmiýet berilýär.

تاریخ و زمان خبر

04

03

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda