ترکمن نیوز

جمهور ترکمنستان 6 300x185 - Türkmenistanyň Prezidenti Gökdepe metjidinde «Akgoýun toý» sadakasyny berdiTurkmensnews- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň pygamber ýaşyna ýetmegi mynasybetli Gökdepe metjidinde akgoýun toý sadakasyny berdi.

Bu şanly sene uly dabara bilen bellenilýär. Onda türkmen halkynyň bagtyýarlygy we agzybirligi öz beýanyny tapýar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy netijesinde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ählumumy ähmiýete eýe bolan hem-de türkmen halkynyň parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini ugur edinýän köpasyrlyk arzuwlaryny özünde jemleýän giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň baş maksadynyň Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäniň ösen ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna goşulmagyny üpjün etmekden, şäherleriň we obalaryň keşbini düýpli özgertmekden, Türkmenistany ähli ugurlar boýunça ösüşiň belent derejelerine çykarmakdan ybaratdyr.

Türkmen halky özüniň nurana geljegine ynamly garaýar. Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere, şu gün 63 ýaşy dolýanGurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň we ynsanperwer ýörelgeleriniň netijelerine buýsanýarlar. Yslam dünýäsiniň ýörelgelerine we türkmen halkynyň ýagşy dessurlaryna laýyklykda, bu sene Muhammet pygamberiň ýaşyna ýetilmegini aňladýar. şeýlelikde, ol akgoýun toýy bilen utgaşýan wakalar bilen baýlaşdyrylýar.

Adamlaryň pygamber ýaşyna ýetmegi mynasybetli guralýan dabaralarda türkmen halkyna mahsus häsiýetler, ula hormat goýmak dessury we maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligi ýaly oňyn ýörelgeler öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde bu asylly milli dessur döwrebap derejede dowam edýär.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Gökdepe metjidine gelip, ilki bu ýerde şanly waka mynasybetli guralan dabara gatnaşýan ýaşulular bilen bolan gürrüňdeşlikde olaryň Türkmenistanyň durmuşynda möhüm ähmiýetli çärelere işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly ýaşulular Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni, 63 ýaşynyň dolmagy — pygamber ýaşyna ýetmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezidente berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, asylly işleriň rowaç bolmagynyň bähbidine durmuşa geçirýän özgertmelerinde uly üstünlik arzuw etdiler.

Ýaşulularyň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň welaýatlara iş saparlaryny gurap, oba zähmetkeşleriniň armasyny ýetirmegi hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklanmagy daýhanlaryň, mehanizatorlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň şatlygyna şatlyk goşup, täze uly zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy.

Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň ähli ugurlar bilen bir hatarda oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli işlemek, göwnejaý durmuşy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýaşulularyň durmuş tejribesiniň halkymyzyň durmuşynda hem-de nesil terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy. şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany hormatly ýaşulularyň bu ugurda edýän ýadawsyz tagallalarynyň möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň döwlet Baştutany metjide girdi. Bu ýerde Beýik Biribardan türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de bitewüliginiň berkarar bolmagy, Gurbanguly Berdimuhamedowa jan saglyk, uzak ömür, döwletiň alyp barýan köptaraply işlerinde täze üstünlikler dileg edilip, aýat okaldy.

Soňra toý sadakasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine yslam dünýäsinde mukaddes künjek saýylýan Mekgeden ýadygärlik sowgady hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtüge ylahy gymmatlyk hökmünde tagzym etdiler.

şeýle hem metjitde keramatly teperrik hem goýuldy. Mälim bolşy ýaly, bu keramatly teperrik Türkmenistanyň Liderine Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde haj parzyny berjaý eden wagty çuňňur hormatyň nyşany hökmünde sowgat berildi.

Ýaşulular we Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli akgoýun toý sadakasyna gatnaşýanlar iki mukaddeslige tagzym edip, hajy Arkadagymyzyň ähli asylly başlangyçlarynyň rowaçlanmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

تاریخ و زمان خبر

30

06

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda